Scribble Maps Help Center
Change language

Goşmaça geokodlary satyn alyň

Bellik: Geokodlary satyn almak üçin Pro hasabyna giren bolmaly. Nädip täzelenmelidigini bilmek üçin şu salgya giriň: Pro hasaba nГ¤dip ГјГЅtgetmeli
 

Giriş

Marker-iň ýerleşýän ýeri üçin adresden koordinatlara import edýän/öwürýän her bir ýeriňiz üçin hasabyňyzdan bir geokod aýrylar.

Eger adresiň deregine ýeriň koordinatlaryny berseňiz, hasabyňyzdan geokod aýrylmaz.

Bellik:
Goşmaça geokodlary satyn almazdan ozal, Pro hasabyňyza goşulan mugt geokodlary ilki bilen ulanmagy maslahat berýäris. Geokodlar barada has köp bilmek üçin şu salgya giriň: Geocodes & Geocoding
 

Mukdary saýlaň

  1. Eger Scribble Maps-a heniz girmedik bolsaňyz, hasabyňyza şu salgydan giriň:
    https://www.scribblemaps.com/create 
    (Hökmany däl) Nädip girmelidigini bilmek üçin şu salgya giriň:
    Nädip login etmeli/registrasiýa etmeli
     
  2. Layers Panel-iň ýokarsynda tooltip-da "Import Spreadsheet" ýazylan Spreadsheet Icon-a basyň.
    Şu penjiräniň peýda bolandygyny göreris: "IMPORT LIST (SPREADSHEET)".
     
  3. import list penjiresiniň ýokarky ortasynda galan geokodlaryň mukdaryny göreris.
    Bellik:
    Mugt geokodlaryň çäkli mukdary hasabyňyzyň görnüşine baglydyr.
     
    Her aý:
    • Mugt geokodlaryň çäkli mukdary doly mukdara gaýdyp gelýär.
    • Satyn alnan geokodlar diňe mugt geokodlaryň hemmesi ulanylandan soň ulanylýar.
    • Satyn alnan geokodlaryň möhleti gutarmaýar.
     
     
  4. "Buy More" baglanyşygyna basyň.
     
  5. Penjiräniň sag tarapynda her mukdar aralygy üçin bir geokodyň bahasyny göreris.
    Meselem:
    • Mukdar aralygy
      0-999.
    • Bir geokodyň bahasy
      her geokod üçin 3.5 sent.
     
     
  6. "Geocodes" sözbaşysynyň aşagynda meýdançada "100" görersiňiz.
    Bellik: 100 satyn alyp boljak geokodlaryň iň az mukdarydyr.
     
  7. Meýdança basyň. Soňra satyn almak isleýän geokodlaryňyzyň mukdaryny ýazyň.
 

Kredit kartyňyzyň maglumatlaryny giriziň

  1. "Card number" meýdançasyna basyň. Soňra kredit kartyňyzyň nomerini ýazyň.
     
  2. "MM/YY" meýdançasyna basyň.
     
  3. Kredit kartyňyzyň ýüzünde ýerleşýän möhlet senesiniň sanlaryny ýazyň.
     
  4. Kredit kartyňyzyň arka tarapynda ýerleşýän Card Verification Code (CVC) ýazyň.
 

Töleg amalyny tamamlaň we täzelenen mukdary görüň

  1. Ýaşyl "Checkout now" düwmesine basyň.
    Şu habar peýda bolar:
    "Your card will be charged $[x](USD) for [x] geocodes. Geocodes are not refundable."
     
  2. "Confirm" düwmesine basyň.
    Şu habar peýda bolar:
    "Geocodes purchased!"
     
  3. "Ok" düwmesine basyň.
     
  4. import list penjiresiniň ýokarky ortasynda geokodlaryň täzelenen mukdaryny göreris.
 

Çegi görüň

Scribble Maps üçin ulanýan e-poçta hasabyňyzda amalyň çegini öz içine alýan täze habary göreris.

 
 

Degişli makala

Geokodlaryň näme ekenligi we nähili işleýändigi barada has köp maglumat üçin şuňa giriň: Geocodes & Geocoding

 
 

Last updated